تبليغاتX
رخشا -
ترکمن ایلیم امان بولسون مدام التین زمان بولسون

Düşünje!

 

Tapylmadyk gözele

 

Gyzyl gülleň arasında ýöreseň,

Gyýa bakyp maňa ogryn garasaň,

Şemala ses edýän gara saçlaryň,

Ele alyp  emaý bilen darasaň

 

Köpetdagyň eteginde ýöresek,

Çopanlardan ýoldyr-ýoda sorasak,

Çöpläp Jüm-jümesin hem gülälegin,

Gülleriň ýapragın bile darasak

 

Men gülleriň gözel yýsyna aşyk,

Gülleri unutdym men saňa duşup,

Men bolsam aşygyň, sen bolsaň magşuk

Durmuş ýollarynda bile ýöresek

 

Ykbal indi bizi aýry salmasyn,

Seni alyp meni ýalňyz goýmasyn,

Durmuş oýnunda ýeňip elmydam,

Serimiz dik tutyp öňe ýöresek

 

Bagş etsem men saňa sada ýüregim

Sen bolarsyň mydam meniň geregim,

Sen bilen döreden durmuş deregim,

Baky diýarlara göçürip gitsek

 

Men bolaryn Mejnun, sen bolsa Leýli,

Durmuş ýollarynda ederis seýli,

Bilbilleň güllere bolanja meýli,

Kibi bir-birege baglanyp gitsek

 

Başa gelse ölüm diýilen kada,

Bir -biregi taşlap gitmäli ýada,

Men saňa, senem maňa alada,

Bolup bir -biregi ýatlaşyp gitsek

 

Gitsek bu dünýäden baky diýara,

Gözel tapman seň yeriňe goýara,

Yşgyňdan aşygyň geler köýere,

Ol illerde bir-birege gowuşsak

نوشته شده توسط رخشا در ساعت 14:27 | لینک  |