Ahmyr
Ahmyr
Gara gyş geçensoň bu tukat dünýa,
Şadyýan baharyň gelişi ýaly,
ýagyş ýagandan soň, bu reňksiz dünýa,
Reňkli älemgoşar çykyşy ýaly
Bir säher ir wagty meniň dünýäme
Duýdansyz geldiň-de töre oturdyň,
Gelişiň ýaly hem boldy gidişiň,
Şeýdip meň dünýämi gama batyrdyň
Men seni soradym, idedim mydam,
Sen gözeliň yýzyn tapaýyn diýip,
ýüregimde arman boldyň elmydam,
Boýny ýogynlygmyň nyşany bolyp
Gün geler, men seniň gaşyna gelip,
Elime bir desse bagül hem alyp,
‘’Bagyşla’’ diýerin, biraz çekinip,
Utanjymdan ýaňa bir gysym bolyp
Bagyşla! Sadadan owadan gözel,
Sen ýaly gözeli görmandim ozal,
Sensiz galyp indi düzüp men gazal,
Diýýärin:’’Betbagt! İndi bir düzel.’’
Düzelerçe wagyt boldy ahbetin,
Sen bagladyň öz durmuşyň kysmatyň,
İndi bir akyllan dolýar möhletiň,
Akyllan ahbetin, biraz akyllan!
