Dad atýar, gün ýaşýar — Güneş ýaşmaýar,
Ýyldyz öçýär, emma öçmeýär Älem.
Adam ölýär — hiç ölmeýär Adamzat.
Bag guraýar — tokaý ýaşaýar hälem.
Bu şeýle bolupdy.
Şeýle-de bolar.
Tebigatyň demir kanuny bular;
Daň atýar, gün ýaşýar — gyýylýar ýürek,
Bir ýyldyzjyk eçýär — syýylýar ýurrh
Goja bag çüýreýär — gyýylýar ýürek.
Adam ölýär — hasam gyýylýar ýürek.
Eger Güneş, Älem, Tokaý, Adamzat —
Baky bolsa,
Gama batmak ne derkar?
Bag ölýär — bar döreýär,
Gün ýaşsa — daň atmaly.
Her ölümiň yzynda oň dowamy — ömür bar.
Şularyň birisi dünýämden gitse,
Bilemok, ýüregmi gaplaýar gussa
Bilýän, ýyl dolanyp, asyrlar geçer,
Bulutlar göçerler, çöller-de göçer.
Şonda damja dönsem, bolar bir kärim
Men elmydam teşneleri gözlärin.
Öger baga dönsem, bolar bir kärim:
Men ynsana saýa salmak islärin.
Ýyldyz bolup aralaşsam äleme,
Şeýle ykbalymdan sähel nalaman.
Ýaşaryn uzakda bir arzuw bilen,
Ýeriň adamlaryna garaşaryn men!
Düşünje!
Tapylmadyk gözele
Gyzyl gülleň arasında ýöreseň,
Gyýa bakyp maňa ogryn garasaň,
Şemala ses edýän gara saçlaryň,
Ele alyp emaý bilen darasaň
Köpetdagyň eteginde ýöresek,
Çopanlardan ýoldyr-ýoda sorasak,
Çöpläp Jüm-jümesin hem gülälegin,
Gülleriň ýapragın bile darasak
Men gülleriň gözel yýsyna aşyk,
Gülleri unutdym men saňa duşup,
Men bolsam aşygyň, sen bolsaň magşuk
Durmuş ýollarynda bile ýöresek
Ykbal indi bizi aýry salmasyn,
Seni alyp meni ýalňyz goýmasyn,
Durmuş oýnunda ýeňip elmydam,
Serimiz dik tutyp öňe ýöresek
Bagş etsem men saňa sada ýüregim
Sen bolarsyň mydam meniň geregim,
Sen bilen döreden durmuş deregim,
Baky diýarlara göçürip gitsek
Men bolaryn Mejnun, sen bolsa Leýli,
Durmuş ýollarynda ederis seýli,
Bilbilleň güllere bolanja meýli,
Kibi bir-birege baglanyp gitsek
Başa gelse ölüm diýilen kada,
Bir -biregi taşlap gitmäli ýada,
Men saňa, senem maňa alada,
Bolup bir -biregi ýatlaşyp gitsek
Gitsek bu dünýäden baky diýara,
Gözel tapman seň yeriňe goýara,
Yşgyňdan aşygyň geler köýere,
Ol illerde bir-birege gowuşsak
Ahmyr
Ahmyr
Gara gyş geçensoň bu tukat dünýa,
Şadyýan baharyň gelişi ýaly,
ýagyş ýagandan soň, bu reňksiz dünýa,
Reňkli älemgoşar çykyşy ýaly
Bir säher ir wagty meniň dünýäme
Duýdansyz geldiň-de töre oturdyň,
Gelişiň ýaly hem boldy gidişiň,
Şeýdip meň dünýämi gama batyrdyň
Men seni soradym, idedim mydam,
Sen gözeliň yýzyn tapaýyn diýip,
ýüregimde arman boldyň elmydam,
Boýny ýogynlygmyň nyşany bolyp
Gün geler, men seniň gaşyna gelip,
Elime bir desse bagül hem alyp,
‘’Bagyşla’’ diýerin, biraz çekinip,
Utanjymdan ýaňa bir gysym bolyp
Bagyşla! Sadadan owadan gözel,
Sen ýaly gözeli görmandim ozal,
Sensiz galyp indi düzüp men gazal,
Diýýärin:’’Betbagt! İndi bir düzel.’’
Düzelerçe wagyt boldy ahbetin,
Sen bagladyň öz durmuşyň kysmatyň,
İndi bir akyllan dolýar möhletiň,
Akyllan ahbetin, biraz akyllan!
پاتوق ادبيات تركمن
Ömür
Oýlanma
Ömür agajymdan düşdi bir ýaprak,
ýerde-de üýşip dur bir gysym ýaprak,
Sanamda sany hem çykdy köpüräk,
Agaja garadym, görüp bilmedim
Dostlarym gynandy düşen ýapraga,
Birgün menem girip gara topraga,
Sesimi meňzedip köne deprege,
Bir owaz etjekdim, edip bilmedim
Adam bu dünýäde göýä ýolagçy,
Saralan ýapraklar misli sanagçı,
Sonky ýaprak gaçsa,geler gölegçi,
ýapraklaň sanyny görüp bilmedim
ýapraklaň sanyny görmek isledim,
Saralanlaň sanyn bilmek isledim,
İň bolmanda sesli gülmek isledim,
Bogazymda galdy, gülüp bilmedim
Adamlara mydam boldum mylaýym,
Dowzah ataşyndan gora ylaýym,
İmanymdy meniň günüm hem aýym,
Allam (j.j.) saňa sadyk, bolup bilmedim
Mydam saňa sadyk bolaýyn diýdim,
Seň ýoluňa başym goýaýyn diýdim,
İň bolmanda şol maksady eýerip,
ýat illere gidip öleýin diýdim
Köp badaklar atdy nebsim hem maňa,
Menem ýeňilipler elmydam oňa,
Şonda-da süýrenip seniň gapyňa,
Gelem diýdim, emma gelip bilmedim
Hudaýym geçewer; meniň günälem,
Seň nuruň bolmasa tümlük bu älem,
Rahmet bosagaňa goýup bu kelläm,


